Mugallym: R. Mahmatkulowa

Okuw işleri boýunça orunbasar:      ________________

 

 

Senesi:          7 “A” __________            7 “B” ______________

 Sapagyň temasy: Pyşdyllar we krokodiller otrýady.

Sapagyň maksady:        

a) Pyşdyllar we krokodiller otrýady barada düşünje bermek. 

b)Okuwçylarda haýwanat dünýäsine söýgi döretmek 

Sapagyň esbaby:  Suratlar, soragnamalar.

Sapagyň görnüşi: Garyşyk.

                                                    Sapagyň gidişi:

1. Guramaçylyk döwri:

                                    a) Synpy sapaga taýýarlamak.

                                    b) Synpyň gatnaşygyny almak.

                                    ç) Syýasy wakalar billen tanyşmak.

2. Öý işini soramak.

a) Geçilen temany soramak;

b) Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak;

                                                    7 “A”

1. Näme üçin ýylanlar we suwulganlar diňe maýyl howada işjeň bolýarlar?

2. Ýylanlaryň hereketi nämäniň hasabyna bolup geçýär?

                                                         7 “B”                

1. Ýylanyň dilini näme sebäpli zäherli diýip hasaplamak nädogry?

2. Suw ýylany bilen alahöwreniň tapawudyny aýdyň.

                                                           

1. Zäherli ýylan çakan adamy ölüm howpundan näme gorap saklaýar?

2. Süýrenijileriň näçe görnüşi bar?

3.Öý işini berkitmek: Süýrenijileriň köpdürlüligi, teňňeliler otrýady barada düşünje bermek.

4. Täze tema:

Pyşdylyň çanak skeleti ýasy süňklerden emele gelendir. Pyşdyl howply ýag-daýlarda kellesini, aýaklaryny çanagynyň içine ýygnap, duşmanlaryndan gora-nyp bilýär. Sebäbi onuň çanagy örän berk bolýar. Pyşdyllaryň görüjiligi we ys alyjylygy oňat ösen. Oňurgalylaryň boýun we guýruk bölümleri herketli, beýleki oňurgalary arka çanaga berkleşendir.

Otrýadda gury ýerde ýaşaýan pyşdyllar köplük edýärler. Käbir pyşdyllar suwda ýaşamaklyga uýgunlaşandyr. Köllerde we derýalarda ýaşaýan pyşdyllaryň barmaklarynyň aralarynda ýüzgüç perdesi bolýar, deňizde ýaşaýan pyşdyllaryň
aýaklary bolsa küreklere öwrülipdir. Pyşdyllaryň köpüsi tropik ýerlerde ýaşaýar.

 

5. Geçilen temany berkitmek:

a) tema degişli sorag –jogap alyşmak:

                                                         7 “A”

1. Suw pyşdyllary gury ýer pyşdyllaryndan näme bilen tapawutlanýar?

2. Näme üçin suw pyşdyllary çalt ýüzýärler?      

                                                         7 “B”

1. Orta Aziýa pyşdyly näme sebäpli tomsuna hem-de gyşyna uka gidýär?

2. Krokodilleriň beýleki süýrenijiler bilen deňeşdirilende çylşyrymly gurluşy nämeden ybarat?

 

1. Tropiki deňizlerde ýaşaýan iri deňiz pyşdyllary näçe kg?

2. Krokodilleriň uzynlygy näçe m?

b) suratlar boýunça işlemek;

6. Öý işini tabşyrmak:

&:     sahypa:                    surat:

7.Sapagy jemlemek:

a) geçilen tema boýunça okuwçylaryň düşünmedik ýerleriniň öwezini doldurmak;

b) okuwçylary bahalandyrmak;


Понравилась статья? Добавь ее в закладку (CTRL+D) и не забудь поделиться с друзьями:  



double arrow
Сейчас читают про: