Birinji kitap

AMAN KEKILOW

SÖÝGI

AŞGABAT «MAGARYF» — 1987

Kekilow A.

K 35 Söýgi: (Roman). Uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin. — A.: Magaryf, 1988. — 300 s.

Beýik şahyr, söz ussady Magtymguly Pyragy söýgi hakda şeýle diýýär:

«Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,

Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi...»

Şahyr, Aman Kekilowyň «Söýgi» romanynyň gahrymanlary-da söýginiň azabyny hem hesretini başdan geçirýärler, birek-birege wepadarlygyň asylly nusgasyny görkezýärler. Aýratyn hem ýaşlar tarapyndan sarpa goýlup okalýan bu roman päk söýgi hakda ajaýyp waspnamadyr.

Кекилов А. Любовь. Роман. Для старшего школьного возроста.

© «Magaryf» neşirýaty, 1988

BIRINJI KITAP

«Gelermen diýp wada etdi,

Geler wadasyndan ötdi,

Erteden çäş wagta ýetdi,

Ne boldy ýarym gelmedi?»

«Şasenem we Garyp» dessanyndan.

Gyş ýeňsäni berip, ummaga gaçdy,

Gün ýagty şöhlesin äleme saçdy.

Eredi ak garlar ala daglarda,

Zeminiň bezegi — gara baglarda

Açyldy al-ýaşyl, reňbe-reň güller,

Şahasynda jak-jak urýar bilbiller.

Tämiz ýaz şemaly öpýär ýüzüňi,

Aýlanynda çar tarapa gözüni,

Şähdiň açýar janly görnüş her ýanda,

Gök mahmala giren gözel meýdanda.

Ýylyň şu paslynda kolhoz obasy

Uly-kiçi iş üstünde gabasy.

Gün dagyň gerşine göwresin sallap,

Göýä hoşlaşýan dek gollaryn bulap,

Bulut arasyndan şöhle saçanda,

Barha bizden arasyny açanda,

Kolhozçylar işden çykyp kem-kemden

Öýe tarap ýüzlendiler her ýerden.

Mal-garalar ýatagyna ýygnalýar,

Asudalyk bilen oba dem alýar.

Şu gözel obany deň iki bölüp,

Dag etegin syryp aşaga inip,

Towlanyp, tolkunyp akýardy bir ýap

Kenary gül açan göýäki Lebap.

Kölge peşanasyn geren agaçlar,

Asmana ýetsem diýip uzadyp başlar,

Her haýsynyň gör näçe ýyl ýaşy bar? —

Ata-babamyzdan galan ýadygär.

Ýel degende iki ýana urunýar,

Salgym atyp uzak ýerden görünýär.

Bir hatar öý ýakynynda şu ýabyň,

Bag içinde, merkezinde obanyň,

Uzak ýyllar mesgen tutup ýaşardy,

Gelin-gyzlar şu ýapdan suw daşardy.

Iňrik garalanda, şapak ýaşanda,

Mal-gara ýygnanyp oba aşanda,

Çykdy şol hatardan küýzeli bir gyz,

Kimligi, okyjym, mälim däl heniz.

Gelýär ol sallanyp, garaman daşyn,

Käte ogryn-ogryn göterip başyn.

Ýeň astyndan töweregne ser saldy,

Kenara ýetmäge ara az galdy.

Öwrüldi ol, göni barman güzere,

Ýabyň ýakasynda gizlin bir ýere.

Emaý bilen suwa sallap küýzesin,

Doldurdy, dökdi soň, çykartman sesin.

Ýene-de doldurdy, ýene-de dökdi,

Käte garanjaklap daşyna bakdy.

Suw başynda ýoňsuz wagt güýmendi,

Sagatlara dendi onuň her mindi.

Kim eken bu gözel, kime garaşýar?

Kim beýle giçden soň öýe suw daşýar?

Näme kän oturdy suwuň başynda,

Elek-çelek gözi degre-daşynda?

Ýa wada beripmi söwer ýaryna,

Ýa bijaý kakylyp göwün taryna

Eneden-ýeňňeden öýkesi barmy,

Ýa bir gama batan dünýäsi darmy?

Mejnun bolup çykan ýaly çöllere, —

Garýar gara gezler uzak ýollara.

Anha, ol ýene-de ýerinden turup,

Bir beýik agaja arkasyn berip,

Dag keýgi dek keýerjekläp her ýana —

Garaýar, howsala düşüpdir jana.

Aklyň haýran edýär katdy-kamaty

Göz öňümde, ynha onuň suraty:

Egninde lybasy — gyzyl keteni,

Ak pamykdan ak görünýär ak teni.

Terne dek tözlenen goşa mämesi,

Ketenini ýyrtsam diýýär bir geňsi.

Daşyn alyp iki ýandan mämäniň,

Göýäki diýersiň, sakçysy onuň,

Dyzdan geçýär örüm-örüm saçlary,

Ölini direltjek galam gaşlary.

Adamzat ähliniň nury ýüzünde,

Elektrik togy bar dek gözünde,

Ýesir edýär kaklyşanyn dessine,

Gara zülpi al ýaňagyň üstüne

Dökülipdir, kime ýetse didary,

Gyş gününi ýaza döndär her tary.

Kän garaşdy, garaňky-da gatlyşdy, Ýaş gyzyň her zatlar ýadyna düşdi.

Öz bolşundan özi howatyr etdi, Siňňin-siňňin töweregne seretdi.

Dar kapas içinde urunýar ýürek,

Kim gerekkä? Duran däldir biderek. Görmänsoň hiç kimi garap her ýany, Mälim boldy gaýgy-gamyň nyşany: Şatlygyň mesgeni güler ýüzlerde, Belkä nem döredi gara gözlerde.

Kimdendir, kim bilsin, bolup nägile, Häzir seýkin basyp, ýuwaşlyk bile Iüzi salyk geldi suwuň başyna, Umyt üzdi, garamady daşyna. Küýzesin dolduryp ugrady öýne,

Ger nämeler getirendir ol küýne? Ýüzün aşak salyp gelen ýolundan Hanha barýar, sagy bilen solundan Habary ýok, çümüp pikir deňzine,

Gara şöhle düşýär güler meňzine.

Bu wagtda garşysyndan gözelin,

Dar ýerinde öwrüminde gis ýoluň,

Bir ýaş ýigit peýda boldy tötänden, Biziň ýaş gyzymyz üýşendi ondan.

Çal kostýumly, galstukly, ädikli,

Uzyn boýly, gara gaşly, gärnükli, Bardy ýigdiň goltugynda papkasy, Başy açyk elindedi kepkasy.

Ýat ülkeden düşen ýaly, ol başyn —

Dik tutup, geň galyp garýardy daşyn.

Garşylaşan gyza gözi düşende,

Bir enaýy garaş döredi onda.

Göz astyndan ýiti-ýiti seretdi, Boýdan-başa syratyna syn etdi.

Ýa haýpy geldimi agyr halyna?

Ýa göwni gitdimi gyz jemalyna? Deňinden geçensoň gaňrylyp yza, Ýene taýly gezek garady gyza.

Gözel gyz perwaýsyz, galdyrman başyn, Gitdi ýoly bilen, garaman daşyn.

Gitdi, gitdi, gözden ýitdi gözel gyz, Iüregimde goýdy meniň gamly yz. Hesret bilen geçer uzyn gijesi.

Aňar ony, ünjä gider ejesi.

«—Iürekden ýalydy onuň hem sesi Şeýlemikä ýigitleriň hemmesi?»... Diýip, ol käýiner, gepleder için, Gatyşdyrar oýalygyn hem düýşün.

Çüý kakylar, uky gelmez gözüne, Beletler şaýatdyr şahyr sözüne.

Ýaşlyk döwrün geçirenler başyndan, Perwaýsyzlyk bilen garap daşyndan, Rehmi gelmän, ýürekleri awaman,

Ýakyn durup derdi-halyn soraman,

Bu gyzyň duşundan geçip bilermi? Pynhan syryň düwnün açyp bilermi? Göz ýeňüne getirmezmi geçenin?

Yşkyň meýin gana-gana içenin? Bialaçdyr ýetmese-de kämegi.

Agyr hala gyýylmazmy ýüregi?

«Bagrym boldy para-para,

Zalym aýralyk, aýralyk»-

Magrupy.

Burugsadyp goýry gara tüssesin, Ýer sarsdyryp, ýanlandyryp geň sesin, Öňbaraga barýan ýaly at salyp,

«Haş-haş» edip, uly-uludan dem alyp, Myçýardy parowoz gündogar sary.

Ençe wagt boldy ugraly bäri.

Kän oba, şäherden arany açdy,

Tejen derýasyndan, Murgapdan geçdi.

Uzak ýoluň tanapyny külterläp,

Göýä ganat baglap uçdy ol ýerläp.

Güýçli parawozyň dabanyn basyp,

Uzyn tirkeş wagon bir-birin gysyp,

Gidip barýar çaň-tozana garyşyp,

Demir aýak tigirleri ýaryşyp,

Ýapyda, inişde dürli heň edýär,

Eşelon dynuwsyz ileri gidýär.

Güneşli ülkämiň müňläp ýigidi,

Söweş meýdanynyň algyr bürgüdi Ýerleşipdir eşelonyň üstüne,

Atlanypdyr nejis duşman kastyna.

Şowhunly galmagal wagonyň içi,

Tanyşypdyr eýýäm uly hem kiçi.

Biri aýdym aýdyp, biri saz çalyp,

Biri geçenini ýadyna salyp, Gyzykdyryp.gürrüň berýär ýeýlenşin,

Gaýtarlan gelniniň yzyndan barşyn. Ertekiden enaýy oň sözleri,

Degişgen bir ýigit, gülýär gözleri.

Gaýgy ýok, ünji ýok, şatlyk ýaşlarda Iigitligiň ýeli çalan başlarda.

Emma welin, näme üçindir, bir oglan Tükeniksiz derdiň astynda galan.

Çetde tutýar özün goşulman ile,

Mälim däl, nämeden, kimden nägile.

Wagon aýnasynyň öňüne b.aryp, Gowşuryp ellerin, tirsegin gerip, Äpişgeden giň jahana syn etdi, Nämänidir ýatlap, çuň oýa gitdi,

Tolkun atyp misli Jeýhun derýasy, Gowgalydy onuň içki dünýäsi.

Muny duýan ýaly ýaňky şahandaz

Geçende ýanyndan sägnndi biraz.

«Göresiň geldimi eýýäm ejeňi?

Bu hili batyrlyk gorkuzar jeňi.

Hany düş yzyma, goşul märekä,

Saçly mollajygyň galandyr belkä? Näme müzzerýärsiň? Özüňi dürse, Halamaz bu bolşuň komandir gärse. Gaýgy bir ganymdyr, dostum, hany, ýör, Bilseň ýekeligi bir hudaý söýer.»

Ilki gaharlanyp, mölerlip durdy Iüzün aşak salyp, syrly ýylgyrdy. «Ejem ogly etme, tanaman birden, Söweşde saýlanar, gardaş, är-ärden...» «Ýeri, ýeri, gyzma, degişme bary,

Iüzi salyk görýän ertirden bäri...» «Gyzamag-a weli, gyzarça etdiň,

Sen-men ýok, bir bada kän ýere ýetdiň. Gaýgy-da, gorky-da düşenok ýada, Geçipdi bar ömrüm meniň obada.

Hatda Aşgabadam görmändim ozal Syn edýän Watana giň hem-de gäzel...» «Görersiň entekler dürli ýerleri,

Ajap ülkeleri, köp şäherleri.

Nireden bolarsyň, nämedi käriň? Barmy okan ýeriň, saýlan hünäriň? «Aslymy sorasaň Ahal ilinden,

Nan iýdim kolhozyň kätmen-pilinden. Ýedini gutardym, gitjekdim ýene, Bolmady, bagtsyzlyk uçrady ine...»

Ara gürrüň düşüp çendan şuň ýaly Kelleden şol pikir giden mahaly

Erkana duýsa-da az wagt özün,

Birdenkä duýdansyz sallaýar ýüzün.

Wagt geçdigiçe oba daşlaşýar,

Eziz toprak, eziz ülke hoşlaşýar.

Eýýäm yzda galdy Jeýhun kenary, Güýçlenýär ýigidiň ýürek azary.

Köýünde obasy, çete saýlanýar,

Şol öňki ýerinde ýene oýlanýar:

«Çagyryş hatyny alan badyma Pikirim atlandy göwün şadyma.

Ejem goş-golamym daňyp bolynça, Ýel ýoldaşym taýýar bolup gelinçä Ylgadym germege gözel ýarymy,

Ak ýüzde owsunçy zülpi tarymy.

Tapmadym, nädeýin, ýok eken öýde,

Galdym şol wagtda tükenmez köýde,

Ýakdy meni köne türkmen adaty Guly boldum onuň, ynjytdy gaty:

Enesinden soramaga çekindim,

Nähak etdim, sonra özüm ökündim.

Gadymdan gelýändir türkmeniň nakly Diýerler «uzynyň giç geler akly»

Uzynam däl, emma aklym giç geldi, Puşmandan ne peýda? Boljak iş boldy...» Söýgülisin ýatlap biziň gahryman Germän gaýdanyna edýär köp arman.

Uludan dem alýar, kellesin ýaýkap,

Aýnaň agajyna bagryny oýkap:

«— Eşden däldir birden beýle ugranym, Görjek bolup çar tarapa ylganym.

:Belkä öten agşam wadaly ýerde Beýik tut ýanynda ýa-da güzerde Garaşandyr maňa Ogulnabadym,

Intizar bolandyr gaýtalap adym. Käýinendir,

çytylandyr gaşlary, Düwmelenip akandyr gözýaşlary.

Arman galdy,

hoşlaşyp-da bilmedim,

Al ýaňakdan gyzgyn posa almadym...»

. ■ / Ýene-de uludan alyp demini Unutmakçy bolup gaýgy-gamyny, Köpçüligin arasyna geçse-de Şowhun az-kem gamly göwnün açsa-da Agyr pikir kellesiňden gitmedi, Ýene onuň hiç karary ýetmedi.

Kagyz, galam çykardy-da haltadan, Pikir derýasynda ýüzdi gaýtadan. Iürek joşup, damarda gan gaýnady, Ak kagyz üstünde galam oýnady.

Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji, Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy. Ajysyz süýji ýok, tikensiz gül ýok,

Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok. Gyş aňzagyn görmän, ýazyň hözirin — Aýtsyn bilýänler göreniň birin?

Kim tapypdyr zähmet çekmän rahaty? Bu gadymdan gelýän durmuş adaty. Şerapsyz piýala — söýgüsiz ýürek. Bahar gülşenine nurly Gün gerek.

III

«Pridet pora na poru,

Staneş dewke stupat na nogu».

Russkaýa poslownsa.

Ylym çäre tapsa ajal emrine Çäk-de goýulmazdy adam ömrüne.

Her hili geçse-de ynsanyň ömri,

Çagalyk çagydyr iň gözel döwri.

Çaga çalym eder bagyň gülüne.

Her kim höwes bilen alar eline.

Hem güler, hem oýnar, ýazdyr hemişe. Gaýgy-gamy bolmaz, çekmez endişe.

Çagalyk döwrüni unutmaz ynsan,

Şatlanyp ýadyna ýealar her zaman.

Dostlar, şunun, ýaly hekaýat başy Begenç, Ogulnabat — ýüzbe-ýüz goňşy. «Döwlet başy» bilen «göwün hoşlugy» Başda çagalygy, sonra ýaşlygy Geçirdiler şu obada birkemsiz, Şatlykda hemişe, gaýgysyz-gamsyz. «Iki aýakly — iki günde» — ösdüler, Mekdep işigine aýak basdylar.

Diýerler, «gyrmyldan gyr aşar gider». Iürekden ýapyşan her işi eder.

Sapagyň gurluşy baglydy ýaşa: Aňsatdan-agyra, ýakyndan-daşa Geçdi çagalarmyz ädimme-ädim.

«Görsene, ýazýaryn indi öz adym!» — Gutlapdy bir-birin olar bir zaman. Uzyn tirkeş bolup soňra duýulman, Yhlasly zähmetde geçdi kän pasyl. Bolarmyş yhlaslyň myrady hasyl. Çyrşalan syýanyň, dolan depderiň, Ýonulan galamyň, dökülen deriň.

Çakyňdan artykdy sany, hasaby, Könelipdi kän kitabyň sahaby. Ýedi ýyl dolmagna galdy bir hepde,

Olar myhman duýdy özün mekdepde.

Otyr äýlerinde eneli-ogul:

«Ara sowuk salman ýene-de şu ýyl Ugraýyn okuwa, saklama, eje.

Gidýär ýoldaşlarym, galýan ýekeje...» «Saklajak däl, balam, özüňem düşün,

Sen gitseň kim etsin içeriň işin?

Jigiň bir ýaşynda, aýagym bagly,

Biwagt ölümden ýüregim dagly.

Eger şu bolmasa, giderdiň göni Hiç gaýra goýmazdym deň-duşdan seni. Oňardym kör bolup bir jan, bir başym, Garaşyk ederdi täwerek-daşym...»

Hak sözüň güýji kän, bolsa-da ajy, Garşylyk edere ýokdy alajy.

Maşgala durmuşy şeýle haldady,

Iigit için çekip, boýnun sallady.

Ýany aýak biten eýjejik çaga Ýönelip Begenje galdy aýaga. Edilýän gürrüne düşünýän ýaly, Iörjen-ýörjen bolup baran mahaly, Ýapyşdy burnuna, ýetdi gulagna, Suwluja ernini goýup ýaňagna,

Garaja gözleri ýiti seretdi, «Gitmersiň!» diýen dek many döretdi. Begenç gidip bilmän, galdy obada. Bolupdy gepleşik iki arada:

Eger özi gitse, gyz-da gitjekdi Ikisem okuwyn dowam etjekdi. Hyýal-hyýallygna galdy bu ýerde, Gaýta sataşdylar başga bir derde: Gutaran batlary ýedi klasy Döredi arada «hytaý galasy».

Çaga duýgusynda açyk göwünler Mekdebe bileje gatnalýan günler Görerdi bir-birin her sapar irden, Bularyň barysy gutardy birden.

Indi öňkülik däl, özgerdi bary, Goňşy boLsalar-da, köp wagt bäri Açyk duşuşykdan mahrumdy ýaşlar. Mälim özüňize, gojalan başlar Ony halamaýar, geňleýär gaty, Yzarlap näletli köne adaty.

«Göze gärnen» saýsa her kimse gyzyn Sypdyrman gözünden, yzlardy yzyn. Çagalyk ýyllary daşlaşdy gitdi, Ýaşlyk ýolun tapyp hökmün ýöretdi.

Gara gezler bir-birine hyrydar Garadylar, görmeseler bimydar. Başga many bardy beýle garaşda, Syr bermän hiç kime içerde-daşda, Güýçlendi günsaýyn yşkyň şemaly, Her biriniň bar başynda hyýaly, Söýgüli okyjym, muny pugta bil Ýürek joşsa herekete gelýär dil. Ynha indi çendan iki arada (Elbetde, mälim zat, söýgi barada),

Başlaidy gyzykly pynhan gepleşik. Gündizine olar zdip belleşik,

Gnjeleri tapardylar bir-birin,

Hiç kime bildirmän tapyşyk ýerin. Garry gulaga-da tapyşyk sözi,

Hoş ýakýar, ýaşlykda gerendir özi. Tapyşyk ýaşlygyn bagtly sagady. Tapyşyk belläniň bolmaz tagady. Dogrudyr, okyjym, muny boýna al, Şeklenseň ýaşlygyň sen-de ýada sal.

Bu mälimdir hemmä gadymdan bäri Oda ýakyn dursa tutaşar däri.

Şuny ýada salýar tapyşyk ýeri,

Çünki ýetişende yşgyň heseri Joşai ýaş ýürekleň tolkuny galar, Tapyşykda bir-birinden ot alar. Sagatlar tiz geçer, döner minuta, Görkli gözel ylham berer ýigide. Duýgy daşar, ýaş kalyblar galdyrar, Göwre gagşar, aýaklar-da sandyrar.

Şatlykly günlerde wagt geçýärdi, Umytlar geljege nurun saçýardy.

Iki ýyl öwrüldi ine şu halda, Ýaşlarmyz häzir-de öňki hyýalda: TapyŞyk wagtynda iki obadaş Şert edip bolmaga ömürlik ýoldaş, Ýene okamagy ykrar etdiler,

Ikisem höwesjen, hoş niýetdiler. Emma beýle plan barmady başa. Duşman gyýa bakyp azat durmuşa,

Sürdi üstümize agyr leşgerin, Depgiläp halkymyň mukaddes ýerii. Ülkäniň ýagdaýy bütin özgerdi, Halkym ýeňiş üçin bar güýjün berdi. Taşlap ýigitlermiz kätmeni, pili, Geýdiler şol bada mele şineli. Çagyrdy ýaşlary kolhoz meýdany, Begenç, Ogulnabat aýaman jany Ekişmi, ýygymmy ýa başga bir iş Edildi barysy, dannalmady hiç. Ýetipdi her ýere urşuň täsiri,

Daşyn garanjaklai mekdep mudiri Klaslar hakynda edip alada Bir gün habar etdi Ogulndbada.

Magaryf wekili bardy baranda Üşerdi bir hili ony görende.

Edilen teklibe gaty geň galyp,

Özi-de bilmezdei, ýerinden galyp:

«Men mugallym! Ýek! ýok! Başga bir kişi Tapyň onar ýaly bu hili işi.»

«—Eger tapýan bolsak, keýgim, özgäii Azara goýmazdyk asyl biz seni. Prikazyn şu gündei, bir hepde möhlet, Oňatja taýýarlan, gorkma, gaýrat et. Ertirden başla-da otur sapakda,

Sorag ýüze çyksa, eger her hakda Düşündirer sasa her bir mugallym;

Hiç kim enesinden dogmandyr alym. Häzir okatmalyň dördünji klas Kyn bolmaz her işe edilse yhlas...»

«—Ýalbarýan, zor edip gynamaň meni, Prikaz etseňiz-de başarman muny...» Gülüşdi bu söze ikisi birden.

Şeýle düşündiriş boldy müdirden:

«—Höküm ýa zorluk däl prikaz diýeni,

Şu günden aýlyga belleýär seii.

Zorluk ýok bu ýerde, diňe bir haýyş, Tabşyrylýar saňa hormatly bir iş.» Gözün balkyradyp, misli bir çaga Utanyp ýüzüni saldy aşaga.

Gysgajyk bu gürrüň gutardy şeýle.

Otyr öýlerinde garrysy bile.

Heý-ds guwanmazmy muňa ejesi,

Eşdildi gürründe şadyýan sesi:

«—Atysy soý diýrler, iliň oňlasa,

Seni saýlamazdy ynanç bolmasa.

Ataň ogul saýdy seni, ezizim,

Başarsyň bigüman, çekinme, gyzym.» Enäiiň bu sözi meýil deretdi.

Gijara bu habar Begeije ýetdi.

Tutup taýly gezek örüm saçyndai Aýyrman gözlerin galam-gyşyndan Garansoň geplemän ep-esli salym:

«—Işin rowaç bolsun, ýoldaş mugallym!

Iöne unutmagyn sada daýhany...»

Çykaryp bu sözden başşga bir many,

Gyz yza çekilip, ýüzun turşartdy,

Öýkeli görnüşde ýigde seretdi:

«—Maslahat soraýan ogrynça gelip,

Sen bolsaň gaňňaňy garnyňa alyp,

Ýapsylan bolýarsyň, kesä çekýärsiň,

Dilin şerebesin derrew dökýärsiň...»

«—Bagyşlaň, mugallym, ynjytdym sizi!

Eger gödek bolsa kolhozçyň sözi,

Öwrediň özüňiz, men taýýar oňa...»

«—Aýryl, çek eliňi, degme sem maňa!

Eger garşy bolsaň, aýt aç-açan?»

«—Garşy däl, begenýän, Ogulnabat jan!

Oýna çydamasaň, menmi günäli.

Näme gaça durýaň, tezi mal ýaly?»

Goýmady erkine jahyllyk ýeli,

Batyrgaý işledi ýigidiň eli.

Başlandy arada kiçijik «seweş»,

Galgady iki ýan örüm gara saç.

Dile nobag barmy şeýle bolanda,

Duýgy ygtyýaryn ele alanda Öz kanupy bilen höküm ýöredýär,—

Şekilsiz, owazsyz sözün deredýär.

Gyz çydam etmedi ahyr berdi ýan.

«Döwýäň-le gollarym, dursana, nadan!»

Iki göwre bir-birini gysanda.

Ak alkymda yssy demler ösende, Ýetdi al ýaiaga teşne dodaklar;

Bedene her ýandan ýöiýeldi toklar.

«—Näme armanyn bar, mugallym bolsaň! — Diýjegnm şu meniň maslahat salsaň.»

«—Aýdaýsaň bolmýamy ozaldan şuny.

Hoş, nndi gideln, saklama mýoni.»

Ingit jogap ýerpe gülüp seretdi.

Her haýsy bir ýoldan öýlerne

I. BIBLIOTEKA •' I Sredpeý şkoly № 6

1 apa N Pppyhanowa

/

eri niku kerdei, pur kerden est»

Täjik halk nakmly.

Bnr gün ýüzi salyk öýlerne baryp,

Kitabyi, depderin stola urup,

«Okuwam gerek däl, mekdebem iidi»,— Diýdi-de dessine düşekde süýndi.

«—Waý, saňa näm boldy,

nä hudan urdy?» — Gygyryp enesi ýerinden t>fdy.

Horkullap başlady, bermän jogabyn,

Garry biljek bolup munun sebäbin Näçe dyzasa-da haýry ýetmedi.

Gyz tünnesnn düşüp, diýen etmedi.

Başlapdy işine aýdylşy ýaly,

Her işde deslapky boluşy ýaly,

Özün ýygra-tutdy ol ilki bada.

Seredip daşyndan Ogulnabada Mekdebiň içinde oglanlar-gyzlar Ýetirdi gulagna her hili sözler.

«Wiý, muňa seret-le, bu-da mugallym! Ýedini gutaryp bolupdyr alym!..»

Käsi gülüp geçdi onuň duşundan,

Käsi gybatyny etdi daşyndan.

Ýatyşdy kem-kemden bularyň bary.

Girýär sapagyna bir aýdan bäri.

Taýýarlyk görerdi gije-gündizi.

Seljerip klasda oglany, gyzy,

Kim ökde, kim asgyn, kimi ýakymsyz,

Az wagt nçinde öwrendn kemsiz.

Etmändi özünden beýle tamany,

Geçýär nobatynda her bir temany. ýygralyk aýrylýar, açylýar ýüzi,

Işiň gidişinden hoşaldy özi. 

Döredi tötänden şeýle bir waka.

Bnr sapar ýazuwdan sapak barýarka,

Mysal gerek bolup sözlem düzepde, Düşündirmek üçin tagta ýazaida,

Eşdildi çagalaň hyşyr-pyşyry,

«Özem ýalňyş ýazýar!»

seslendi biri.

«Wiý-de wiý!» boluşdy barysy birden.

Ýaş gyzyň maňlaýy çygjardy derden. Niçiksi saklarsyň çaganyň dilin,

«Men-de men» — her ýerden galdyrýar elnn.

Duýup bir zat baryn,

gaty aljyrap,

Bir söz aýdyp bilmän klasa garap,

Ýüzi tagta tarap ep-esli durdy,

Görmedi hnç zady, bütin gyzardy. Gaýtalap-gaýtalap okady ýene,

Galmagal sebäbi tapyldy ine:

Bir sözüň bir harpy düşüp galypdyr, «Mallaryň» ornuna «malar» bolupdyr. Goýberen «ýalňyşyn» derrew düzetdi,

Emma ol klasda şowhun deretdi.

Tapyldy garagol uludyr-kiçi

Jyňk-da jyňk, pyňk-da pyňk klesyň içi.

Kepler diňlemedi aýdan zadyny,

Gygyrdy käleriň tutup adyny,

Kemegn degmedi, yzdaky hatar Dürtüşip bir-birin ýeňküden beter,

Biri «molar» diýdi,

birisi «malar»,

Hiç durar ýerinde durmady olar.

Ýatmady galmagal kellesp çişdi, Ýerinde oturyp, jurialy açdy.

Saklanyp bilmedi syryn aňdyrman, Agdarýar jurnal başyn galdyrman.

Sagada ogrynça garan mahaly,

Wagtynyň ýary-da geçmändi häli. Ýeňseden birnni tagta çagyrdy,

Ol gele-gelmäşe gülmäge durdy.

Tagtada küýi ýok, yzynda gözi,

Bu gün ýer tutmady mugallym sözi. Ahyrda klasdan gitdi ol çykyp, Gapyny bat bilen gaharly çekip.

Daşarda direktor pete-pet geldi,

Bir işin bolanyn dessine bildn.

«Ýeri, näme boldy?», — sorady tizden. Belli bir gaýtargy bolmady gyzdai. Diňe «hiç zat» diýdi, pyşyrdap çala, Öýlerin nazarlap düşdi ol ýola.

Ine, şol gaýdyşy, häzir-de ýatyr, Ejesi ýanynda zeýrenip otyr.

«Kim degdn göwnüne, kim gyýa bakdy?» Berilýän soragyň jogaby ýokdy.

Goýup ejesini ençe azara,

Köşeşip ýez-özi turdy gijara.

Doly gürrüň berdi bolan wakany.

«— Bolan iş şu bolsa, howlukma hany. "Çagadyr, elbetde, gen däl bu zatlar, Galmagal, gykylyk eder bezzatlar. Bolar her hilisi içinde kepüň,

Işiňi taşlama, düşündir gepiň. Diýseň, derektiriň tapar çäresin, Çykarmaz ondan son hiç haýsy sesii.»

«— Üç-dörtden artyk däl içnnde beti, Olar-da oturjak, tutulsa gaty.

Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýýar,— Meniň gowşaklygym barysy duýýar. Başlandy galmagal bir sebäp bolup, Men saklap bilmedim öňüni alyp. Dilnm gysga boldy,

günäli özüm.

Indi ol klasda diňlenmez sözüm. Gülüşip başlarlar girenje badym, Gutardy şu günden mugallym adym.

Her kim buýsanmaly bolan güýjüne, Ugraryn ir bilen kolhoz işine,- Enä hoş ýakmady gyzyň bu gepi.

Bu wagt birdenkä açyldy gapy.

Içerä göz aýlap, az salym durup,

Mekdep direktory girdi ýylgyryp:

«—Yzyndan gelmändnk okuwçy wagty, Gatnardy gün yrman, erjeldi gaty. Mugallym bolansoň, saldy yzyna Hnç başyn galdyrman ulyň sözüne

Bu nätdigiň boldy, iş bormy beýle? Onuşman klasda çagalar bile Gaçdyň öýe tarap, yzyň garaman.

Bardym klasyňa şol bada durman, Bolmandyr sapakda üýtgeşik bir zat.

Özüň gowşak tutsaň, bil, Ogulnabat, Tertipli klas-da bitertip bolar.

Tutmasaň berkiräk, çagadyr olar Düzgünn-nyzamy bnlmez öz-özi,

Täsirli bolmaly mugallym sözi...»

«— Wah, sen öwüt berýäň,

gntmen diýip otyr. Kolhozyň işine barjakmyş ertir. Horkullap geçirdi uzynly güni Tüýs zähräm ýaryldy, gorkuzdy meni.»

«Ony mamla görmez asyl hiç kişi.

Heý-de taşlap bormy başlanan işi? Gaharna diýendir, hiç ýana gitmez,

Hiç kim klasynda galmagal etmez.

Şu gün şolar boldy meniň-de işnm, 6>zün-de dogumlan, şu ýanky diýşim.

Ynha ýngrim üç ýyl, ýaşlykdan bäri Gidişip oturşym goýman şu käri.

Gaty ansat ýaly garasan daşdan Emma agyr günler geçendir başdan.

Mundan beterrägem bolupdy mende Käte sandyradym tagtaň önünde.

Her kişi ýaşlykda başlanda kärin Çekýär kynçylygyn tapynça tärin. Düzeler barysy ýuwaş-ýuwaşdan,

Birdenkä eliňi sowatma işden.

Kämek gerek bolsa taýýar hemmämiz.

Senden, Ogulnabat, kepdür tamamyz.

Ýanynda diýmegim gelşiksiz belki,

Gürrün gozgalanda şu hakda ilki Ady agzalypdy birnäçe gyzyň,

Ahyrda saýlanmyz sen bolduň biznň.

Gitmen, gelmen diýip, ýok zady taima.

Ertir bar sapaga, yzyna çapma.»

Ene baş yrady muny makullap,

Gyz dymdy kän wagt ýüzüni sallap.

Başda bolan waka şeýlsdi ine.

Mugallym işine girişdi ýene Emma unutmady kän wagt muny,

Barha oňatlaşyp sapak mazmuny,

Erkana duýýardy özüni işde.

«—Mälim etmeli bor irde ýa giçde Öýermek gürrüňin gozgaýar ejem,

Aýt bolşy ýaly ejeňe senem.»

Begenç teklip etdi gyza şu hili,

Dolanda mekdepde onuň bir ýyly.

«— Waý, munuň diýýänin!» — dişledi dnlin. Iigit emaý bilen egnine elin Goýdy-da: «Aýdaly bilsinler olar.

Ýogsa obaň içi gürründen dolar Ogryn duşuşygmyz goräýse biri,

Meni howpa salýar işiň şu ýeri.»

«— Özüm aýdym bilmen, ejeni iber,

Seni gowy görýär, razylyk berer.

Diýýär, zähmetsöýer, gaty edepli Mydam ýüzi aşak, mylaýym gepln...»

Şeýle gutarypdy soňky duşuşyk, Hoşlaşyp lnu ýerde bu iki aşyk Aýralyk sözüni getirmän ýada Gol gysyp bir-birne bernpdi wada. Barlyşsa gürründe Nurtäç, Enebaý Boljakdy olarça bary göwnejaý.

Emma ýaşlarmyzyn beýle hyýaly,

Galdy, baş tutmady, şu bolşy ýaly, — Gözel gyzyň sewer ýigdi, guwanjy Esgerlige çagyrdylar Begenji.

«Druzýa Lýudmily i Ruslana! S gsroýem mosgo romana Bez predislopiý seý je ças Pozwolts poznakomit was...»

Puşkin.

Eý okyjmm, ýatlaly biz yzymyz:

Gabagyn galdyrmai gamly gyzymyz.

Hesret çekip, öýlsrine barýarka,

Gara gözler dike ýere garýarka Ýadyňdamy? Biri çykyp önunden Gizlin garap geçipdi on deňinden.

Akmyrat Aşyrow ol ýigdiň ady Ata-enesiniň ýeke zurýady.

Ol meniň ýaşlykdan ýakyn ýoldaşym,

Köne dostum, jan ynanan syrdaşym.

Görmändi ol ene-ata mährinn Şum ajy aýralyk dökdi zährini —

Näzik tenne ýaş çaganyn ýaşlykda.

Galypdy ol agyr günde, açlykda.

Bir lukma nan üçin ýaşaran gözler Çekjekdi horluklar, minnetli sözler,

Emma Sowet gujagyny açanda, Ýetimler üstüne nurun saçanda,

Hossar tapyp göz ýaşyny kepeden,

Daş düşdi ýaşlykda «dogduk depeden.»

Internatda, tehnnkumda ýetişdi,

Okady, öwrendi, ile gatyşdy.

Kän gezipdi boýny gyzyl ýaglykly,

Edepli, ekramly, ýagşy gylykly. Ýetenden soň on dört — on bäş ýaşyna «Kim» nyşanyn dakynypdy döşüne.

Gutardy ortany, ýene çalyşdy Ýekary mekdebin gapysyn açdy.

Yhlas bilen ýapyşanlar her zada Ýetişer hemişe maksat-myrada.

Şöhratly Moskwa — gözel paýtagt. Okady ol onda birnäçe wagt.

Dünýä ady belli ençe alymyň Diňledi taglymyn, dürli ylymyn Açaryny mäkäm tutdy elinde Kitaplar okaýar inlis dilinde.

Işde söýgi kuwwat berýär ynsana, Ganat baglap güş dek galkdy asmana Her günsaýyn gözýetimi giňeldi, Güneşiň küregin goluna aldy.

Uzak geçmişi bar her bir ylymyň, Ony dörediji ençe alymyň Zserlerin kän okady ýadaman Gije-gündiz birjik wagtyn aýaman. «Kapitalyň» sahypasyn açanda,

Onuň her sözünden many saçanda, Dürbi bolup geýdirildi gözüne Çyn hakykat çykdy aýnaň ýüzüne.

Ol beýik Leniniň akyl kitaby Okanynda ülker bolup her baby, Syryldy asmanyň gara dumany, Ýagtylandy giň jahanyň her ýany.

Okady Gomeri hem Şekspiri,

Dünýä belli eserleriň hiç biri,

Şuň görejinden sypa bilmedi, Ýadawlyk gözüni gypa bilmedi.

Kitap boldy iň gadyrdan ýoldaşy Ömür elindedir, galmazdy başy. Puşkinin goşgusyn birjik sakynman Rus dilinde ýatdan okaýar çekinmän. Adamzat aklynyň çuň gözbaşyndan Gana içdi, garamady daşyndan.

Her kim baryp gören bolsa paýtagty Onda şatlyk bilen geçendir wagty. Bir zaman ol ýerde bolupdym men-de (Belkä-de, okyjym, bolansyň sen-de?) Ýaşlygmyň şadyýan geçen günlern, Umyt şöhlesini seçen günleri, Hemişelik çykmaz meniň ýadymdan,

Bu adatdyr ynsanlarda gadymdan. Gözümiň öňünde şu günki ýaly.

Uly teatryň şowhunly zaly:

Doly tomaşaçy gat-gat ýaruslar, Dürli-dürli dilde eşdilýär sesler. Orkestr saz çalýar, sahna açylýar, Ondan uly zala ýagty saçylýar. Başlanýar hereket gözel sahnada Her hili oýunlar goýulýar onda:

Ýa ýüzýär Ilmende Sadkoň gämisi,

Ýa Knýaz Igoryň eşdilýär sesi,

Ýa German oturýar kartyň başynda,

Ýa Onegin gärner Olgaň daşynda. Ýekardaky ýaruslarda bir ýerde (Studentler — ýer gözlemez parterde), Oturandyr ynha biziň gahryman, Nebsewür sereder gözün aýyrman.

Kä gün bu ýerdedir, kä gün filialda, Kyn-da bolsa wagt tapar her halda. Wagtal-wagtal peýda bolup MHT-da,

Kä oýny gaýtalap gererdi hatda,

Ol garry Dançenko oýun goýanda Moskwin, Kaçalow oýnanda onda.

Geň zatlar görüpdi Gorkiý bagynda, Moskwa — derýada, Lenin dagynda. Haýwanat parkynda, dürli muzeýde Planetar jaýynda hem galereýde Metroň gapysy açylan güni Türkmenden birinji görüpdi ony. Ýer astyndan Moskwany aýlanyp, Gurluşyna, ýörişine geň galyp,

Başyn ýaýkap, uludan dem alypdy Şonda «Eşeklini» ýada salypdy.

Urşuň öň ýanynda, iýun aýynda,

Gözel Moskwada, sergi jaýynda Ýene gysdym käne dostuň elini,

Uzak ýyllar görmändi ol ilini.

Giň naharhanada, stol başynda,

Manty, kebap, «Tokaý» bardy daşynda. Iki kişi uzak wagt oturdyk,

Geçenmizi göz öňüne getirdik.

Gyzykdy gürrünmiz iki arada Geçen hem-de geljek işler barada.

«— Wagt tapsam sergi sary gelýärin, Mundan her gezekde lezzet alýaryn. Bu ýerde gnň Watan gözüm öňünde Güneşli ülkäm-de iller deňinde Parladyp geripdir gyzyl baýdagy Ol sarsmaz daragtyň güýçln pudagy. Türkmenistan pawilonna baramda, Geň-enaýy täzelikler göremde,

Göwün arzuw edýär gözel ülkäni Towşan kuýsemezmi «dogduk depäni».

Watan maňa ak göwsünden süýt berdi, Göýä döwlet guşy, ganatyn gerdi. MGU‘-dden soňra aspiranturaň Gutardym kursuny, indi bir temaň Üstünde işleýän, gutarjak bahym, Hojalygmyz üçin ol örän möhüm.

Öz wagtynda ülkäm meniň geregim Üpjün etdi, geldi meniň gezegim. Indi işe hyjuw bilen doly men,

Tä ölinçäm Watanymyň guly men».

Sözlän wagty sessnz-üýnsüz oturdym, Kän zatlary göz öňüne getirdim.

Köne dostum, täze tanşym garşymda Dürli pikir jem etdi ol başymda. Täze dünýäň daňy bilen deň dörän Geçmişden arany açypdyr örän. Maňzyňa batyp dur her aýdan gepi Her zatdan habarly, görüpdir köpi. Atadan, eneden ýaşlykda galan Bu azat ülkede nähili bolan!

Özünden özgäge göwni ýetmeýän,

Gözi gökde, aýagy ýer tutmaýan,

Günbatar Ýewropaň azgyn jenaby, Millet saýgaryjy mekir kezzaby Gahrymanym bilen ýüzbe-ýüz dursa, Her hakda her hili jedeller gursa,

1 MGU—Moskowskiý Gosudarstwennyý Uniwersitet (Moskwa, Döwlet Uniwersiteti)-

Akmak ynanjyna özi geňirgär,

Iüzün aşak salyp, gaty müýnürgär. Hormatly okyjym, ynan sen maňa Her wagt, her ýerde güwä men muňa.

Hoşlaşamda dostum bilen şol zaman, Turdy günbatardan bir gara duman, Howp üstümize gerdi ganatyn,

Bütin sowet halky atlaňdy atyn.

Ynha iki dünýä çaknyşdy birden, Top-tüpeňiň sesi geldi her ýerden Ol güni hiç-haçan unutmaz ynsan Ähdin bozdy ähdiýalan pis duşman. Gözýaşa gark eden müňläp enäni Taryh-da näletlär ganly senäni.

Belkäm sorarsyňyz: hany Akmyrat? Iş gutaryp aldymy ol ylmy at? ýok. Taýýarlyk kursy ony çagyrdy. Moskowlylar bilen fronta bardy. Ençe wagt söweşlere gatnaşdy,

Gara ýere ganym ganyny saçdy. Paýtagtyň ýanynda ganym duşmana Zarba urlup, pytyranda her ýana Boldy gahrymanym onuň şaýady, Söweş taryhyna ýazyldy ady.

Emma gahrymanym ahmyrda galdy, Tenine ok degdi, ýaraly boldy. Gospitalda kän çekdi ol azary Ýokuş degdi doktorlaryň karary:

Agyr bolup aýagynyň ýarasy Front bilen açylmaly arasy.

Uzak wagt arzuw etdi gitmegi Emma häzir talwas eden ýüregi Aşgabat özüne çekmeýär ony Çünki ot içinde eziz Watany.

Nätsin? alajy ýok, sowet kanuny Öz hökmün ýörütdi, boýun etdi ony. Aşgabada gelýär, emma pikiri Arzuw edýär söweş gidýän şol ýeri. Pişekli, ýa söýget edip taýagy

Kän gezipdi, soň düzeldi aýagy. Magaryf işiniň ýakyndan bäri Taýýarlykly hem ukyply işgäri. Ynha meniň gahrymanmyň geçmişi, Ýaşlygy, okyşy hem eden işi.

VI

«Ujeli» — dumaýet Ýewgeniý: Ujel ona?..»!

Puşkin.

Alys ýerden salgym atyp gezel jaý Diýdirýär hiç ýerde ýokdur muňa taý.

Ýada salýar üsti garly daglary,

Daşyny bezäpdir kolhoz baglary. Salynypdyr obaň dik ortasynda Aýralyk şaýady — ýap gyrasynda.

Paýtagtymyň görki düşýär ýadyňa,

Çem gelen tamyna giren badyňa.

Içleri arassa — ednl jam ýaly Diwarlar bezelgi — suratly haly.

Gözel kabinetler — okuw esbaby Şkaf doly kitap — onuň her baby Akylyň gözbaşy, ylym ojagy.

Ýok munda okýanyň saňy-sajagy.

Şol tanyş gyzymyz ýaşlar içinde,

Janypkeş görünýär täze işinde.

Hatdan nagyş edip tagtaň ýüzüne,

Ünsün çekip her bir aýdan sözüne,

Berýär çagalara başlangyç ylym,

Ol hakda ýokarda aýdypdyk telim.

Bu gün bu mekdebe biziň gahryman Barlaga gelipdi, aýlandy her ýan.

Görüm-görkün üýtgedipdir bu oba, —

Şähere dönüpdir kene haraba.

Hany köne çatma, hany gara öý?

Hany gapy gezýän ol palçy heleý? Hany ol lüleçi, hany ol goja?

Hany ol porhanlar, jadygöý goja? Hany ol dertsize dert berýän tebip? Hany ol baý, aýal alýan bihesip?

Ýok olar obada, gidipdir güme.

Ynsan otagydy, ýykyldy küme. Görünýär ýerinde beýik ak jaýlar — Ine —hammam, giň guralan saraýlar. Elektrik berýär tamlara ýagty, Doktoryň ýanynda gerekli wagty.

Eger ýalňyşmasam biziň gýhryman Obaň görnüşine galandyr haýran: Gaýta-gaýta garap tewerek-daşyn, Guwançly ýylgyryp, göterdi başyn.

Girip gördi mugallymlaň dersine,

Öz ýanyndan baha berdi hersine.

Ahyr gezek ýetdi Ogulnabada,

Iygrarak göründi ol ilkibada.

Şindi zat görmedik bir ýaş maşgala Aljyrar-da düşer diýip gal-gala Mekdep müdiriniň ünjüsi bardy. Ogryn-ogryn oň ýüzüne garýardy.

Emma ol gyz ykjam tutdy özüni,

Sussy pesäp gyzartmady ýüzüni.

Ne galmagal, ne gepleşik klasda,

Gözel gyz özüni berkitdi has-da.

Dogry usul bilen dersiň gidişi,

Her okuwçy edýär berilen işi. Öwredýär olara ýez ene dilin.

Tagtada hat ýazyp, uzadyp elin.

Aşyrow klasa giren badyna Ýolda gören gyzyn saldy ýadyna Uzak wagt gyzdan gözün aýyrman Kän garady, pikre gitdi bigüman.

Ahyr birden diýdi:

«Hä!.. Şoň hut özi! Ol wagt näme üçin solukdy ýüzi?»

Agzyn açyp galdy uly haýranda. Ýene oňa ýiti-ýiti garanda,

Şatlyk bilen tegeledi gözlerin Ýada saldy bile okan gyzlaryn.

Soň pyşyrdap sorady ol müdirden:

«— Bu zehinli gyzy tapdyňyz nirden?» «— Hiç ýerden tapamzok, obamyzdan ol, Özi şu mekdepde okapdy ozal.

Aşşgabada kursa gitdi öten ýyl, Okadýany edebiýat hem-de dil.

Ýaş-da bolsa öz işine gaty ökde, Dürli-dürli kitap okaýar her hakda.

Şu mugallym işläp başlaly bäri Okuwa gatnaşýar gyzlaryň bary.» Ýene wekil içgin-içgin seretdi,

Gollar goltugynda hereket etdi. Çykaryp jübsünden bloknotyny,

Ýazdy oňa mugallymaň adyny.

Soňky sapak gutarmaga jaň boldy Wekil ýuwaş-ýuwaş ýerinden galdy, Müdir bilen bardy gyzyň ýanyna, (Şahyr bolsa dessan düzjek şanyna). Bu halatda biri mugallym gyza Üç burç hat berip dolandy yza.

Gyz hatyna ýiti-ýiti garady,

Gül ýüzünde onuň şatlyk döredi. Gürrüň arasynda ol gelen hata Ogulnabat göz aýlady kän gaýta.

Iigit ýola atlananda ol haty Ýazyp gitdi, gözel şatlandy gaty. Okamaga uslyp bilmän bu ýeri,

Saldy jübä, emma welin pikiri, Dargady, az salym iki arada Gürrüň edilmedi hiç zat barada.

Pikir uşlybyny öňki gözüne Sapdy ýene, erki ýetip özüne.

Emma keýerjekläp onuň gözleri Baglanşyksyz çykdy aýdýan sözleri. Hat alansoň gaçdy sabry-karary Göz öňüne geldi söýgüli ýary.

«Keşt edip älem jahany Görmedim sendeý gözel».

Mollanepes

Tutaşanda yşkyn ody hemişe Gündizi oturtmaz, ýatyrmaz gije.

Belkn ygtyýaryn alar eliňden,

Düşmez magşuk ady seniň diliňden.

Göýä ýyldyrym dek çawlar ýalawyn,

Duýgy ele alar aklyň jylawyn.

Kelle alaç etmez öňki erkine Iigit ýesir bolsa gyzyň görküne.

Iürek simap bolup endirär tende,

Adam ogly belli ýaşa ýetende.

Azat ülkesinde erkana ösen,

Durmuş bosagasyn ýaňyja basan Gözel gyzyň gyýma gara gaşlary Okgunly gözleri, örüm saçlary,

Tor bolupdyr Akmyradyň daşyna,

Yşkyň söwdasyny salyp başyna.

Bu bir geçelgedir, geçer her kişi,

Käsiniňki aňsat, käsiniň işi —

Agyr bolar, çeker mydam derteser Bilmedim men gahrymanym näm eder?

Okan wagty yşka başyn goşmandy,

Alsam diýip gyz yzyna düşmändi. ýokdy şindi göwün beren bir gyzy Örän sada ýigit, aşakdy ýüzi.

Indi duş geläýse bir wepaly ýar Söz gatmak, sözleşmek arzuwynda bar. Ony-muny göz astyna alýardy,

Gyz görende nazaryny salýardy.

Şowhunlandy bu gün yşkyň bazary,

Düşdi onuň bir gözele nazary.

Ýatyr ynha ýassygyny gujaklap,

Gije ýarym boldy bir minut uklap —

Rahat ýatyp, demin-dynjyn almady,

Kirpikler bir-birine sala salmady. Batypdyr deňize pikir taýmyny,

Ony çykarmanyň iýip gamyny,

Iki ýana aýlaýardy küregin,

Tolkun gopdurýardy onuň ýüregin. Nähak ýerden goýdy özün azara: Gitdikçe açylýar kenardan ara.

Agdaryldy, dönderildi her ýana, Sygmady göwresi bu giň jahana. Ajaýyp syraty mugallym gyzyň Alma dek ýaňagyň hem aý dek ýüzün Gitmeýärdi göz öňünden suraty.

Budur aşyklaryň asly adaty Arzuw edip, äz içini gepleder,

Joşan ýürek çaşan kellä hökm eder. Söýgi bolan başlanmasa keM-kemden, Ejiz aşyk haraý islesin kimden?

«— Ençeme gyz gördüm, gezdim köp ýeri, Beýle täsir etmändi-le hiç biri! Gözleri içimden ot bolup ötdi,

Gezel görki ýüregimde ýer tutdy,

Meniň üçin dogdumyka eneden? ýok, oňa aşykdyr her bir sereden.

Gyzyl ýerde ýatmaz, mis tutular har, Tapylar her ýerde ýagşa hyrydar. Bolandyr ençeler onuň ýesiri Eýýäm ýer tapandyr kalbynda biri.

Görke gerä hünär bolmasa gyzda,

Görküne guwanyp galsa ol yzda, Miwesiz agaçdyr, ýokdur gymmaty, Sözleri duzsuzdyr, bolmaz hümmeti. Bar bu gyzyň görke gärä hünäri,

Baş egipdir oňa söýgüli käri.

Her gezekde başlanmyzDa gürrüde Ylym, kitap boldy sözläni diňe. Neneň seýmez ýaş ýngitler bu gyzy Hyrydar gözlerden doludyr yzy...»

Uludan dem alyp iňkise gitdi, Ýene ol pikiriň deňzine batdy,

Ýada saldy gyza gelen ol haty:

«— Ony alyp gözel şatlandy gaty.

Kim ýazdyka ony, kimden geldikä?

Kim onun kalbyny ele saldyka?

Ýazdymyka oňa gadyrdzn gardaş?

Ýa-da köne jora — säýgüli syrdaş?

Kim bilýär nireden, kimden gelen hat,

Kimi gaýga goýdy, kimi etdi şat.»

Dargaýardy çar tarapa pikiri,

Göýäki diýersiň çopansyz süri.

Uklamaga meýil edip kän gezek —

Ýumdy gözün, boldy bary biderek.

Iürek takyrdysyn artdyryp barha Çyrmaşan ýumagyn sarady çarha:

«— Asylly, menikli bolan maşgala Düşürmez özüni çem gelen gola Her iş etse ýedi biçer, bir keser, Ýersiz söz sözlemez, ýeserden-ýeser.

Bolar-bolmaz bari bilmez ýanyna,

Asyl söz aýtmaz onuň şanyna.

Öwrenşdirmez halamadyk ýigidin,

Bir bakyşda gökden üzer umydyn.

Ýar agtarar ol özüne mynasyp,

Kim bilýär... belkä-de... bardyr bir nesip?...» Ahyrynda köşeşdirdi özüni,

Belki indi uklar, ýumdy gäzüni.

Horazlar saz edip gutlaýar daňy,

Biziň gahrymanmyz irkildi ýaňy.

VIII

«Bu niçik syr boldy? — bile bilmedim».

Seýdk.

Talaňçy goşuny ganym duşmanyň Eňilip üstüne şäher, obanyň Barha zomaýardy yzyn garaman,

Ölenin, ýitenin nazara alman, 

Maslygyn basgylap, al gaiyn deküp, Ýurdumyň baýlygna gözünn dikip,

Göýä bir guduz it, her ýan urunyp,

Şol günler dynuwsyz öne sürünip, Ülkäniň üstüne howp salýardy,

Dünýä galmagaly göge galýardy.

Näçe urunsa-da, näçe çozsa-da,

Näçe gyrylsa-da, näçe tozsa-da Gaýa dek önünde döşünn gernp,

Alnyndan, yzyndan,

gapdaldan urup, Gezüň göreji dek her daban ýeri Gorady ganymdan sowet esgeri.

Front, ýeňiş üçin güýçleriň bary! — Şeýledi şol wagt ýurduň şygary.

Tyl, front ikisi — bir jan bir tendi Aýrylmaz birlikden duşman ýertendi. Ýeke mekdebi däl, obaň her işin Edýär Ogulnabat, aýaman güýjün.

Ynha uly ýygnak geçýär kolhozda (Däbe ýewrülipdi şol günler bizde), Oňa mugallyma ilden ýeň baryp, Gymmatly şaýlaryn orta çykaryp:

«— Watana bagş edýän, ýeňşimiz üçnn, Hak hem adalatly işimiz üçin!

Goý, meniň şaýlarym oda ýewrülip, Duşmanyň üstüne düşsün sowrulyp!»

Göreldä eýerip onuň yzyndan Obanyň köp sanly gelin-gyzyndan Geldi gözel zatlar, boldy bir depe.

Kep ýyllar saklanan ajap şaý-sepe Guwanýan bolsa-da gyzlar, gelnnler Diňe bir ýeňişdi küýde o günler.

Kim ellik ýererdi, kimisi jorap, Seweşýän ýigitleň Watany gorap Duýmazlygy üçin enjam kemini Ýetirdi Watanym yssy demini.

Öýdäki ýagdaýy her bir okýanyň Hiç wagt ünsünden


Понравилась статья? Добавь ее в закладку (CTRL+D) и не забудь поделиться с друзьями:  



double arrow
Сейчас читают про: