Okuw işleri boýunça orunbasar: _______________
Senesi: 7”A”- __________ 7 “B”-____________
Sapagyň temasy: Medeni zolaklaryň guşlary. Serçeşekilliler otrýady.
Sapagyň maksady: Serçeşekilliler otrýady barada düşünje bermek.
b)Okuwçylarda haýwanat dünýäsine söýgi döretmek
Sapagyň esbaby: Suratlar, soragnamalar.
Sapagyň görnüşi: Garyşyk.
Sapagyň gidişi:
2. Guramaçylyk döwri:
a) Synpy sapaga taýýarlamak.
b) Synpyň gatnaşygyny almak.
ç) Syýasy wakalar billen tanyşmak.
Paýhas çeşmesinden tebigat hakynda parasatly adalgalar:
· Gonakly öýe gut geler.
· Guş bar etini işmeli, guş bar etini iýdirmeli.
· Guş çirtmegi unudar, çirtmek guşy unutmaz.
2. Öý işini soramak.
a) Geçilen temany soramak;
b) Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak;
7 “A”
|
|
1. Togdarylar Türkmenistanyň nirelerinde duş gelýär?
2. Olaryň agramy näçe?
7 “B”
1. Togdarylar nämeler bilen iýmitlenýärler?
2. Düýeguşlar nirelerde duş gelýärler?
3.Öý işini berkitmek: Togdarylar we düýeguşşekilliler otrýady barada düşünje bermek.
4. Täze tema: Serçeşekilliler otrýady. Olar ownuk we ýarym ululykdaky, daşky görnüşleri boýunça örän tapawutly guşlardyr. Olar ýaşaýyş aýratynlyklary, ýaşaýyş şertleri we iýmit tapyş usullary boýunça hem tapawutlydyrlar. Olaryň horazy mäkiýanyndan iri bolýar.Guşlar, esasan, agaçlaryň we agaçjymak ösümlikleriň üstünde ýaşamaga uýgulaşandyrlar. Serçeşekillilere guşlar klasyna degişli guş görnüşleriniň ýarpysyndan gowragy, ýagny 5 müňde gowrak görnüşleri degişlidir. Türkmenistanda olaryň 118 görnüşi duş gelýär.
5. Geçilen temany berkitmek:
a) tema degişli sorag –jogap alyşmak:
7 “A”
1. Serçeşekilliler otrýadyna girýän guşlar beýleki guşlardan nähili tapawutlanýar?
2. Olaryň Türkmenistanda näçe görnüşi bar?
7 “B”
1. Serçeşekilliler otrýadynyň has uluragy haýsy guş?
2. Gargalar maşgalasyna degişli guşlar nähili bolýar?
b) suratlar boýunça işlemek;
6. Öý işini tabşyrmak:
&: 32 sahypa:119 -123
7.Sapagy jemlemek:
a) geçilen tema boýunça okuwçylaryň düşünmedik ýerleriniň öwezini doldurmak;
b) okuwçylary bahalandyrmak;
Mugallym: R. Mahmatkulowa
Okuw işleri boýunça orunbasar: ______________
|
|
Senesi: 7”A”- ___________ 7 “B”- _____________
Sapagyň temasy: Guşlaryň tebigatda we adamyň durmuşynda tutýan orny.
Sapagyň maksady: Guşlaryň tebigatda we adamyň durmuşynda tutýan orny barada düşünje bermek.
b)Okuwçylarda haýwanat dünýäsine söýgi döretmek
Sapagyň esbaby: Suratlar, soragnamalar.
Sapagyň görnüşi: Garyşyk.
Sapagyň gidişi:
3. Guramaçylyk döwri:
a) Synpy sapaga taýýarlamak.
b) Synpyň gatnaşygyny almak.
ç) Syýasy wakalar billen tanyşmak.
Paýhas çeşmesinden tebigat hakynda parasatly adalgalar:
· Jan gutarmasa, nangutarmaz.
· Jan barýerde kaza bar.
· Jan amanat, didar ganymat.
2. Öý işini soramak.
a) Geçilen temany soramak;
b) Geçilen tema boýunça sorag-jogap alyşmak;
7 “A”
1. Serçeşekilliler otrýadyna girýän guşlar beýleki guşlardan nähili tapawutlanýar?
2. Olaryň Türkmenistanda näçe görnüşi bar?
7 “B”
1. Serçeşekilliler otrýadynyň has uluragy haýsy guş?
2. Gargalar maşgalasyna degişli guşlar nähili bolýar?
3.Öý işini berkitmek: Serçeşekilliler otrýady barada düşünje bermek.
4. Täze tema:Guşlaryň tebigatdaky ähmiýeti. Guşlar hemme materiklerde,deňizlerdäki we ummanlardaky adalaryň köp böleginde,ýagny iýmiti ýaramly bolan ösümlikleriň we haýwanlaryň bar ýerleri bolan tokaýlarda,daglarda,çemenliklerde,batgalyklarda,tundrada,çöllerde ýaşaýarlar.Açyk deňizlerde ýaşaýanlar hem köp.Guşlaryň dünýäde 9 müňden gowrak görnüşi mälim. Guşlaryň görnüşi tropik tokaýlarda has hem köp. Arktikanyň we Antarktikanyň gazaply şertlerinde bolsa guşlaryň görnüşi az bolmagyna garamazdan, olaryň sany köp bolýar.
Guşlaryň adam üçin ähmiýeti. Mör-möjekleri iýýän guşlaryň hemmesi peýdaly hasaplanylýar,sebäbi olar mör-möjekleri,ozaly bilen,medeni we ýabany ösümliklere zyýan beriji mör-möjekleri gyrýarlar. Onuň üçin hem guşlary goramak zerur, olary ekin meýdanlaryna, baglara, bakjalara köpräk öwrenişdirmeli.
5. Geçilen temany berkitmek:
a) tema degişli sorag –jogap alyşmak:
7 “A”
1. Siz guşlary goramak üçin näme etdiňiz?
2. Näme üçin ýyrtyjyguşlary goramaly?
7 “B”
1. Guşlaryň ýaşaýşyna sowuk we garly gyşda nähili oldaw bermeli?
2. Guşlaryň tebigatda we adamyň durmuşynda nähili ähmiýeti bar?
b) suratlar boýunça işlemek;
6. Öý işini tabşyrmak:
&:33 sahypa: 123-126
7.Sapagy jemlemek:
a) geçilen tema boýunça okuwçylaryň düşünmedik ýerleriniň öwezini doldurmak;
b) okuwçylary bahalandyrmak;